«Metallokonstruksiýa» TTM» APJ
432042, Ulýanowsk ş., Moskwa şossesi, 22 B
Annabaÿew Kerim Rejepgeldyÿewiç “Metallokonstruksiýa” TTM” APJ,
Türkmenistanyñ çägindäki wekili.
744000, Türkmenistan, Ašgabat šäheri, Arçabil 33 köçe,
"Azatlyk" myhmanhanasy 21.
Can not find 'subscribe' template with page ''

Onumchilik

TTM “Metallokonstruksiýa” APJ TTM “Metallokonstruksiýa” APJ ýol we köpri böwet germewlerini, metal gofrirlenen konstruksiýalary (MGK), metal gofrirlenen listleri (MGL), bitewi polat gofrirlenen turbalary, pyýada germewlerini, güýç we güýç däl (turba şekilli, gyraňlanan we tegelek konus şekilli) göni durýan we flanes direglerini öndürmek ulgamynda lider kärhanalaryň hataryna girýär.

Onumchilik

Hereket edýän 30 ýylynyň dowamynda kärhana diňe bir Rossiýanyň iri kärhanalarynyň biri derejesine çenli ösmek bilen çäklenmedi, ösüş prosessi dowam edýär: täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, öndürilýän metal konstruksiýalaryň gerimi giňelýär. Netijeli innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hiliň metal konstruksiýalary kämilleşdirmäge tarap yzygiderli üýtgemegi – olaryň agramynyň we bahasynyň peselmegi we berklik çäginiň ýokarlanmagy – ynha bular “Metallokonstruksiýa” TTM-niň öz öňünde goýýan wezipeleridir.

Onumchilik Toplumlaýyn tehniki merkeziň polat konstruksiýalar önümçiliginiň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylandyr. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirkizaman enjamlary list we rulon metalyň çylşyrymly we takyk biçüwini amala aşyrmaga, epilen profili taýýarlamaga mümkinçilik berýär. “3M” firmasynyň yşykserpikdiriji almaz örtügi edilen, gyzgynsiklenen 3 mm galyňlykly list polatdan GOST R 50971 laýyklykda yşykserpikdiriji elementler hem şu ýerde taýýarlanýar.

Kärhananyň sehlerinde metaly işlemek we kebşirleme işleri awtomat liniýalarda we ştamlaýyjy ýarymawtomatlarda amala aşyrylýar. Önümçiligiň häzirkizaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylyş derejesi ähli sargytlaryň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

Onumchilik Polat konstruksiýalaryň poslap dargama garşy işlenmegi hem şu ýerde, zerur bolan ähli tehniki talaplara we hereket edýän hil standartlaryna laýyklykda, zawodyň sehlerinde geçirilýär. Önümiň ýokary hili indiki faktorlar: häzirkizaman enjamlar, her bir işgäriň ýokary hünärliligi we berk tehnologiýa bilen üpjün edilýär.

“Metallokonstruksiýa” TTM-nyň sinklenen metal konstruksiýalary 80 mkm-dan başlaýan örtüge eýedir, bu bolsa, onuň daşky gurşawyň agressiýalaryna durnuklylygyny üpjün edýär. Kompaniýanyň ähli önümleri Rossiýa Federasiýasynyň GOST-larynyň talaplaryna laýyk gelýär we Rossiýanyň IIM-niň ÝHH YBM-inde sertifikatlaşdyrylandyr.

Öndürilýän konstruksiýalar ТŞ 5216-063-01393697-2006 (birinji görnüşli böwet we köpri saklaýyjy germewler), ТŞ 5216-001-05765820-2007 (ýol germewleri), ТŞ 5216-002-05765820-2011 (pyýada tutalga germewleri), ТŞ 5264-002-05765820-2014 (inžener desgalary üçin metal gofrokonstruksiýalar), ТŞ 5216-002-05765820-2011 (pyýada böwet germewleri).

“Metallokonstruksiýa” TTM-nyň Moskwada, Dondaky Rostowda, Sankt-Peterburgda, Ýekaterinburgda, Nowosibirskde, Irkutskde, Habarowskde taýýar önümler ammarlarynyň giň zynjyryna eýedir.

Ýol, köpri we pyýada germewlerini we öndürilýän konstruksiýalaryň ähli görnüşlerini gurnamak we sökmek boýunça işler zawodyň hususy gurnama brigadasy tarapyndan geçirilýär. Bu bolsa, öndürilýän önümleriň, konstruksiýalaryň we olary gurnamak we sökmek boýunça ähli işleriň tizligi, hili we kepilligidir.