АО «КТЦ «Металлоконструкция»
432042, г. Ульяновск, Московское шоссе, 22 Б
subscription_form

Веб-форма не найдена.

Andreý Şerbina

“Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkez” APJ 725 kJ çenli saklaýyjylyk ukyply birtaraply we ikitaraply ýol we köpri metal germewleri (birinji görnüşli gapdal) we pyýada germewlerini (saklaýyjy we çäklendiriji) öndürýär.

Kärhana tarapyndan öndürilýän germewleriň tapawutly aýratynlygy ýygnalmagynyň we gurnalmagynyň ýönekeýligi, şeýle hem, ulanmak üçin ygtybarlylygy bolup durýar. “Metallokonstruksiýa” TTM” APJ artykmaç gowy – ygtybarly, ýeňil we ýönekeý konstruksiýalar hakynda düşünjeleri döretmek bilen, öndürýän metal konstruksiýalarynyň hilini ýokarlandyrmak we agramyny we bahasyny peseltmek arkaly olary yzygiderli kämilleşdirýär.

Ähli germewleriň Rossiýanyň IIM-niň HÝHÝB YBM tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatlary bardyr. Biziň kärhanamyzyň ýol, köpri we pyýada germewleriniň elementleri islendik mukdarda we islendik toplumda üpjün edilip bilner.

“Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkez TŞ 5264-002-05765820-2014 laýyklykda üç görnüşli gofrly (130х32,5mm, 150х50 mm, 381х142mm) metal ýygnama gofrirlenen konstruksiýalary we spiral şekilli gofrirlenen metal turbalary öndürýär.

Ýeňil, berk, ulagly daşamakda, ammarlamakda we ýygnamakda ýönekeý gofrokonstruksiýalar demirbeton konstruksiýalaryň çynlakaý bäsdeşi bolup durýar.

“Metallokonstruksiýa” TTM” kärhanasynda ýerine ýetirilýän önümiň poslap dargama garşy örtügi gyzgyn sinkleme usuly bilen we lakreňkleýiji örtük liniýasynda amala aşyrylýar.

Toplumlaýyn tehniki merkeziň önümleriniň üpjün edilmegi demirýol arkaly bolşy ýaly, awtomobil ulagy bilen hem amala aşyrylýar. Bütin Rossiýa boýunça desgalarda konstruksiýalary gurnamak “Metallokonstruksiýa” TTM-nyň hususy toplumlaýyn ykjam brigadasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda kärhananyň islendik standart däl metal konstruksiýalary we elementleri taýýarlamaga mümkinçiligi bardyr. Böwet ýol, köpri we pyýada germewlerini, yşyk we swetofor direglerini, konus şekilli güýç diregleri, dürli modifikasiýaly gofrokonstruksiýalary öndürmek bilen, “Metallokonstruksiýa TTM öz güýji bilen we gysga wagtda islendik metal konstruksiýalary taýýarlamaga we gurnamaga ukyplydyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy teklip edýäris. Biz onuň konstruktiw boljakdygyna ynanýarys.

Andreý Şerbina