«Metallokonstruksiýa» TTM» APJ
432042, Ulýanowsk ş., Moskwa şossesi, 22 B
Annabaÿew Kerim Rejepgeldyÿewiç “Metallokonstruksiýa” TTM” APJ,
Türkmenistanyñ çägindäki wekili.
744000, Türkmenistan, Ašgabat šäheri, Arçabil 33 köçe,
"Azatlyk" myhmanhanasy 21.
Can not find 'subscribe' template with page ''
  1. ÝOL BÖWET GERMEWLERI

    ÝOL BÖWET GERMEWLERI
  2. KÖPRI BÖWET GERMEWLERI

    KÖPRI BÖWET GERMEWLERI
  3. PYÝADA GERMEWLERI

    PYÝADA GERMEWLERI
  4. GOFROKONSTRUKSIÝALAR

    GOFROKONSTRUKSIÝALAR
  5. DIREGLER

    DIREGLER
  6. GERMEWLERI GURNAMAK

    GERMEWLERI GURNAMAK
  7. GERMEW ELEMENTLERI

    GERMEW ELEMENTLERI

Goşulyşarsyňyz bizlarга!

“Metallokonstruksiýa” TTM” APJ-nyň satyşlarynyň geografiýasy

Карта Санкт-Петербург Москва Ульяновск Ростов-на-Дону Сургут Екатеринбург Иркутск Новосибирск Хабаровск Симферополь Казахстан (Астана) Беларусь (Пинск) Туркменистан Узбекистан Таджикистан Кыргызстан Иран Грузия Армения Азербайджан Воронеж Якутск

Ýol we köpri böwet germewler, tutalga pyýada germewleri, polat gofrokonstruksiýalar (MGK), gorfrirlenen metal list (GML), bitewi gofroturbalar, güýç we güýç däl diregler (SP, SF, SPG, SFG, NPK, NFK, NPG, NFG, NP, NF), kontakt setiniň diregleri (TF, TP, TFG). Taýýarlamagyň, üpjün etmegiň we gurnamagyň operatiwligi we ýokary hili.

Baş direktor Andreý Şerbina

“Metallokonstruksiýa” TTM” APJ – ýol, köpri we pyýada germewlerini öndürmek we gurnamak, şeýle hem, polat gofrokonstruksiýalary we konus şekilli güýç direglerini öndürmek ulgamynda öňdebaryjy rus kompaniýalarynyň biridir.

Kärhana 725 kJ çenli saklaýyjylyk ukyby derejeli böwet şekilli ýol we köpri germewlerini ýokary hilli öndürmek üçin ýokary önümçilik kuwwatlyklaryna we ýokary hünärli kadrlara eýedir.

Awtomobil we demirýol ulaglary üçin eltiji ýollaryň bar bolmagy öndürilýän metal konstruksiýalaryň Rossiýanyň we GDA-nyň islendik bölegine operatiw üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda kompaniýa islendik çylşyrymlylykdaky sargytlary ýerine ýetirmäge, ýol insfrastrukturasynyň desgalarynyň toplumlaýyn enjamlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr.

Işjeňliginiň uzak ýyllarynyň dowamynda kärhana özüni ygtybarly we müşderiniň öňünde öz borçlaryny yhlasly ýerine ýetirýän abraýly üpjün ediji hökmünde tanatdy. Rossiýada bolşy ýaly daşary ýurtlarda hem, “Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkez ýol-gurluşyk pudagynyň guramalary bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy we saklamgy başardy.

“Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkez öz ösüşinde ilerlemegini dowam edirýär: biz hemişe öndürýän metal konstruksiýalarynyň we hyzmatlarynyň köpdürliligini yzygider giňeldýäris, önümçiligi kämilleşdirýäris. Biz hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary ähmiýet berýäris we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýar.

Baş direktor
Andreý Şerbina

“Metallokonstruksiýa” TTM” APJ – ýol we köpri böwetlerini, şeýle hem, tutalga pyýada germewlerini öndürmek we gurnamak ulgamynda öňdebaryjy rus kompaniýalarynyň biridir.

Ýol we köpri böwet germewler ilatly nokatlaryň ýollarynda we awtotrassalarda, şeýle hem, köprülerde we ýolgeçirijilerde ulanylýar. Böwet germewler ulagyň ýol düşeginden tötanleýin çykmak we köp zolakly hereketde garşylykly awtoulaglaryň çaknyşmak töwekgelçiligini peseldýär, bu bolsa, umumylykda, ýollarda ýol heläkçiligini kemeldýär.

Tutalga germewler köprülerde we pyýada geçelgelerinde gurnamak üçin niýetlenendir. Köprüler – awtomobil ulaglary tarapyndan ulanylyşy ýaly pyýadalar tarapyndan hem ulanylýan, awtoýollaryň iň howply bölegidir. Howpsuzlyk nukdaýnazaryndan, ýollaryň bu bölekleri pyýada germewleri bilen enjamlaşdyrylanda, wajyp wezipe – ýol hereketiniň iň bir ynjyk gatnaşyjylary, pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bölünýär. Köprülerde ýokary hilli tutalga germew adatdan daşary ýagdaýlarda herekete ähli gatnaşyjylaryň ömrüni goramak mümkinçiligini artdyrýar. Biziň metal konstruksiýalarymyz, tutalga we pyýada germewlerimiz, esasan hem, ýokary hili we uzak ömürliligi bilen tapawutlanýar. Bu Toplumlaýyn tehniki merkeziň kadrlarynyň ýokary hünärliligi we önümçilik sikliniň ähli tapgyrlarynda öndürilýän önümiň hiline gözegçilik bilen şertlenendir. Üstesine-de, “Metallokonstruksiýa” TTM” APJ-nyň pyýada germewleri köpdürlidir we islendik häzirkizaman şäheriniň keşbine utgaşykly gelişjek, amatly bezege eýedir.

Böwet germewlerini gurnamak – jogapkärçilikli prosessdir, ondaky kemçilikler ýol hereketine gatnaşyjylaryň ömrüne barabar bolup biler. Böwet germewiň öz gönümel wezipesini – awtoulagyň urgusynyň netijesini kemeltmegi we ganawa zyňylmagynyň öňüni almagy nähili derejede sergiläp biljekdigi gurnamagyň hiline soňky nobatda bagly däldir.

Gurnama we gysgaldylan möhletler – “Metallokonstruksiýa” TTM-nyň yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýan zerurlygydyr. Hususy ýokaryderejeli häzirkizaman enjamlarynyň barlygy ýokary hili we kepillikleri pida etmezden, böwet konstruksiýalaryny gurnamagyň çaltlygyny berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Ýol germewlerini gurnamak köplenç çäkli ugurly enjamlaryň, mysal üçin, gaýa jynslarynda gurnama üçin enjamlaryň ulanylmagyny talap edýär.

Işiň – metal konstruksiýalaryň öndürilmeginden başlap, gurnalmagyna çenli ähli tapgyrlarynda işgärleriň ýokary hünärliligi we tejribeliligi - öndürilýän önümiň hiliniň girewidir: ökde hünärmenler, iň gowy enjamlar, hile iň dykgatly gözegçilik.

“Metallokonstruksiýa” TTM” APJ-nyň böwet germewleri GOST 26804-86, GOST R 52289-2004, GOST R 52607-2006, GOST R 52766-2007, GOST 26804-2012, TŞ 5216-063-01393697-2006, TŞ 5216-001-05765820-2007 talaplaryna doly laýyklykda öndürilýär (saklaýyjylyk ukyby 600 kJ çenli), sertifikatlaşdyrma Rossiýanyň IIM-niň ÝHH YBM-de amala aşyryldy.

“Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkeziň önümleriniň gyzgyn sinklenmegi gyzgyn sinklemegiň hususy wannasynda amala aşyrylýar, bu bolsa, önümleri poslamakdan goramagy kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Sinklenen böwet germewleriň kepillendirilen hyzmat ediş möhleti 15 ýyla deňdir.