«Metallokonstruksiýa» TTM» APJ
432042, Ulýanowsk ş., Moskwa şossesi, 22 B
Annabaÿew Kerim Rejepgeldyÿewiç “Metallokonstruksiýa” TTM” APJ,
Türkmenistanyñ çägindäki wekili.
744000, Türkmenistan, Ašgabat šäheri, Arçabil 33 köçe,
"Azatlyk" myhmanhanasy 21.
Can not find 'subscribe' template with page ''

Zawod hakynda

TTM “Metallkonstruksiýa” APJ“TTM “Metallkonstruksiýa” APJ böwet şekilli ýol we köpri germewleriniň, pyýada germewleriniň, gofrokonstruksiýalaryň we bitewi gofroturbalaryň, yşyk diregleriniň, yşyk sütünleriniň we güýç konus şekilli diregleriniň iri öndürijileriniň we gurnaýyjylarynyň hatarynda durýar.

Kärhana 30 ýyldan gowrak wagt bäri metal konstruksiýalary öndürýär. Bu döwrüň dowamynda 60-dan gowrak rossiýa sebitlerinde we Ýakyn Daşary ýurtlarda ýol we gurluşyk pudagynyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Ýol howpsuzlygy we şäher infrastrukturasy ulgamlarynyň gurluşygy üçin konstruksiýalar onlarça müň inedördül metrde öndürilýär. “Metallokonstruksiýa” toplumlaýyn tehniki merkez – bu ulagyň ähli görnüşleri - zawodyň önümleriniň buýuryjylara ugradylýan awtoulag we demir ýol ulaglary üçin ýerasty ýollar bilen enjamlaşdyrylan, önümçilik awtomatlaşdyrylan sehleriň we dolandyryş binalarynyň bitewi toplumydyr.

Hyzmatdaşlaryny metal konstruksiýalar bilen operatiw üpjün edýänligi sebäpli buýuryjylar “TTM “Metallokonstruksiýa” APJ-den juda hoşaldyr, eger bütin Rossiýa boýunça, her bir iri senagat merkezinde taýýar önümiň doly köpdürliligi bilen üpjün edilen ammarlaryň zynjyrlama seti bolmadyk bolsa, bu operatiwlik mümkin bolmazdy. Ulýanowsk, Moskwa, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Dondaky Rostow, Nowosibirsk, Irkutsk, Habarowsk – müşderiler zerur bolan metal konstruksiýalaryň taýýarlanmagyna we getirilmegine garaşyp, wagtyny we puluny ýitirmeli bolmaýarlar.

“TTM “Metallokonstruksiýa” APJ 2006-njy ýylda şol döwürde täze GOST R 52607-2006 boýunça talaplary ýerine ýetirmäge başlan Rossiýanyň ilkinji kärhanalarynyň biri boldy, dürli görnüşde ýerine ýetirilişdäki ýol we köpri germewleri üçin täze konstruktorçylyk resminamalar işlenip düzüldi. Ýol toparynyň bu germewleriniň konstruksiýasy 725 kJ çenli saklaýyjylyk ukyby derejesine niýetlenendir.

Taýýarlanan ähli konstruksiýalar poligon şertlerinde köpsanly synaglar prosessinde ygtybarlyk we talap edilýän görkezijilere laýyklyk synagyndan geçdi. Häzirki wagta çenli “TTM “Metallokonstruksiýa” APJ-niň saklaýyjy konstruksiýalarynyň 70-den gowrak synagy geçirildi.

Ähli synaglaryň gidişinde ýol we köpri saklaýyjy konstruksiýalary berkligiň gowy ätiýaçlygyny sergiledi. Bu netijeler boýunça Rossiýanyň Içeri işler ministrIiginiň Ýol hereketiniň howpsuzlygy Ylmy-barlag merkezinde önümiň sertifikasiýasy geçirildi (“Ýol hereketiniň howpsuzlygy” OS).

Öndürýän konstruksiýalaryna barlagy gurnamak bilen, Toplumlaýyn tehniki merkeziň yzarlaýan esasy maksatlarynyň biri – şol bir wagtda ygtybarlygy we berkligi artdyrmak bilen, olaryň metal sygymlylygyny we bahasyny peseltmegi gazanmakdyr.

Böwet ýol we köpri germewleriniň konstruksiýalarynda unifisirlenen elementleriň (balkalar, konsollar, berkidiji elementler) ulanylmagynyň saýasynda olaryň ýokary tehnologikligi we pes özüne düşýän gymmady, şeýle hem, ÝUH-nyň (ýol-ulag hadysasy) netijesinde zeper ýeten germew böleklerini ýygnamagyň, gurnamagyň we çalyşmagyň möhletleriniň gysgaldylmagy gazanylýar.

“TTM “Metallokonstruksiýa” APJ diňe bir adaty ýol konstruksiýalaryny öndürmek bilen çäklenmän, eýsem radius balkalaryny (egik we güberçek), şeýle hem, ýol konstruksiýalarynyň standart bolmadyk elementlerini hem öndürýär.

Buýuryjynyň talap etmegi boýunça germewleriň ähli elementlerine juda täsirli örtükleriň biri bolup durýan, gyzgyn sinkleme usuly bilen poslap dargama garşy örtük edilýär. Eredilen sinke batyryp çykarma iş yzygiderliginden geçen metal konstruksiýanyň kepillendirilýän möhleti 15 ýyldan ybaratdyr.

TTM “Metallkonstruksiýa” APJ2010-njy ýylda Toplumlaýyn tehniki merkez aerodinamiki turbada, öndürýän böwet germewlerini şemal agram salmalaryna garşy synagdan geçirdi. Alnan görkezijiler öndürilýän köpri germewlerini şemalyň agram salmasynyň adaty ýerlerden ähmiýetli derejede ýokary bolan köprülerde we ýolgeçirijilerinde howatyrlanmazdan ulanmaga mümkinçilik berýär.

“TTM “Metallokonstruksiýa” APJ şeýle hem, ТŞ 5216-002-05765820-2011 laýyklykda pyýada saklaýyjy we çäklendiriji germewleriň dürli görnüşlerini öndürýär.

Alty ýyldan gowrak wagt bäri kompaniýada ýol germewlerini gurnamak boýunça kiçi bölüm hereket edýär. “TTM “Metallokonstruksiýa” APJ ýokary professional derejede böwet şekilli ýol we köpri germewlerini gurnamak boýunça hyzmatlary berýär. Ýörite tehnikanyň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrylan ýörite ykjam brigadalar ýollary abadanlaşdyrmak meselesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär.

Metal konstruksiýalary öndürmekdäki uly tejribesi, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýy kompaniýa häzirkizaman enjamlar we hemişe ösüşe we innowasiýalary ornaşdyrmaga ymtylma bolan ýagdaýynda, islendik çylşyrymlylykdaky desgalaryň gurluşygyna öz goşandyny goşmagyna mümkinçilik berýär.

Tizlik, hil we ygtybarlyk – “Metallokonstruksiýa” Toplumlaýyn tehniki merkeziň iş stilidir.